Ýahýanyň ikinji haty
1

1

Men ýaşuludan Hudaýyň saýlap-seçen hormatly zenanyna we onuň çagalaryna dogaýy salam! Men sizi çyn ýürekden söýýärin, diňe men däl, eýsem, hakykaty bilýänleriň hemmesi-de sizi söýýär.

2

Sebäbi hakykat kalbymyza ornandyr we ol ebedilik biziň bilen bolar.

3

Atamyz Hudaýyň we Ogly Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy hakykat we söýgi arkaly bize ýar bolsun!

4

Eý, hormatly zenan! Atamyz Hudaýyň buýruşy ýaly, birnäçe perzentleriňiň hakykata eýerip ýaşaýandygyny görüp, gaty şat boldum. Indi saňa bir haýyşym bar: biri-birimiz bilen söýgüde ýaşalyň. Men saňa bir täze buýruk ýazamok, bu ilkibaşdan bize mälim buýrukdyr.

5

Eý, hormatly zenan! Atamyz Hudaýyň buýruşy ýaly, birnäçe perzentleriňiň hakykata eýerip ýaşaýandygyny görüp, gaty şat boldum. Indi saňa bir haýyşym bar: biri-birimiz bilen söýgüde ýaşalyň. Men saňa bir täze buýruk ýazamok, bu ilkibaşdan bize mälim buýrukdyr.

6

Söýgi – bu Hudaýyň buýrugyna görä ýaşamakdan ybarat. Owal-başdan eşidişiňiz ýaly, Hudaý biri-biriňizi söýüp ýaşamagy buýurdy.

7

Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesihiň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesihiň duşmanydyr.

8

Şonuň üçin ägä boluň. Çeken zähmetiňizi ýele sowurman, onuň rähnetini doly görer ýaly, berk duruň.

9

Ýoluny urduryp, Mesih hakdaky taglymatdan daşlaşan adamda Hudaý ýokdur. Emma bu taglymat boýunça ýaşaýan adamda Ata-da, Ogul-da bardyr.

10

Eger kimdir biri ýanyňyza gelende, Mesih hakdaky taglymaty getirmese, ony öýüňize salmaň, oňa salam hem bermäň.

11

Oňa salam beren onuň erbet işlerine şärik bolýandyr.

12

Size aýtmaly zatlarym köp, ýöne olary syýa, kagyz bilen ýazasym gelenok. Muňa derek ýanyňyza baryp, siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar. Şonda şatlygymyz dolup-daşar.

13

Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen uýaňyň çagalary hem size salam ýollaýarlar.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.