2 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13

1

Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!

2

Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy, goý, size ýar bolsun!

3

Ähli tesellileriň gözbaşy bolan merhemetli Ata Hudaýa, Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna alkyş bolsun!

4

Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris.

5

Çünki Isa Mesihiň görgüleriniň durmuşymyzda artdygysaýy, Ol arkaly Hudaýdan alýan tesellimiz-de artýandyr.

6

Eger biz görgüler görýän bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir. Hudaý bize teselli berýän bolsa, bu biziň-de size teselli bermegimiz üçindir. Siz hem biz ýaly görgüler göreniňizde, şu tesellimizden teselli tapyp, muşakgatlaryň baryna döz gelersiňiz.

7

Size baglaýan umydymyz berkdir, sebäbi siziň diňe muşakgatlarymyza däl, eýsem tesellimize-de şärikdigiňizi bilýäris.

8

Eý, doganlar! Biziň Aziýa welaýatynda başymyza inen külpetlerden siziň-de habarly bolmagyňyzy isleýäris. Bu külpetler çekip-çydardan juda agyrdy, biz diri galarys-da öýtmedik.

9

Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy.

10

Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.

11

Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.

12

Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.

13

Biziň size ýazanlarymyzda okap düşünmez ýaly gümürtik zat ýok. Siz bize häzir bölekleýin düşünýärsiňiz, ýöne soňra doly düşünersiňiz diýen umydym bar. Onsoň Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde biziň size buýsanyşymyz ýaly, siz-de bize buýsanyp bilersiňiz.

14

Biziň size ýazanlarymyzda okap düşünmez ýaly gümürtik zat ýok. Siz bize häzir bölekleýin düşünýärsiňiz, ýöne soňra doly düşünersiňiz diýen umydym bar. Onsoň Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde biziň size buýsanyşymyz ýaly, siz-de bize buýsanyp bilersiňiz.

15

Bu babatda ynamym bolansoň, ýanyňyza iki gezek baryp, şatlygyňyzy artdyrmakçydym.

16

Soňra Makedoniýa gidip, ondan soň ýene size dolanmakçydym. Ol ýerden Ýahudyýa ýurduna meni ýola salarsyňyz diýen niýetim bardy.

17

Eýsem men öz niýetlänlerimde durnuksyzlyk etdimmi? Ýa-da bulary niýetlänimde bu dünýäniň adamlary ýaly ikigöwünli bolup, ilki «hawa, hawa», soňra-da «ýok, ýok» diýýärinmi?

18

Hudaý ynamdardyr. Ol biziň aýdanlarymyzyň şol bir wagtyň özünde hem «hawa», hem-de «ýok» däldigine şaýatdyr.

19

Men, Silwan we Timoteos dagy araňyzda Hudaýyň Ogly Isa Mesih barada wagyz etdik. Biziň wagyz eden Isa Mesihimiz hem «hawa», hem «ýok» diýen däldir. Hudaý Isa Mesih arkaly «hawa» diýýändir.

20

Çünki Hudaýyň beren wadalarynyň ählisi Isa Mesih arkaly «hawadyr». Hudaýy şöhratlandyryp aýdýan «omyn» sözümiz-de Isa Mesih arkalydyr.

21

Hudaý bizi siz bilen birlikde Isa Mesihe baglap, imanda berk durmagymyza ýardam berýär. Ol bizi seçip-saýlady-da,

22

möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.

23

Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr.

24

Biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürmekçi bolamzok, tersine, şatlygyňyzyň hatyrasyna siz bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Çünki siz imanda berk dursuňyz.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.