2 Timoteosa haty
1 2 3 4

1

Isa Mesihiň resuly men Pawlusdan söýgüli oglum Timoteosa dogaýy salam! Hudaý meni Isa Mesih arkaly beren ýaşaýyş wadasyny jar etmek üçin saýlady. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty we parahatlygy saňa ýar bolsun!

2

Isa Mesihiň resuly men Pawlusdan söýgüli oglum Timoteosa dogaýy salam! Hudaý meni Isa Mesih arkaly beren ýaşaýyş wadasyny jar etmek üçin saýlady. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty we parahatlygy saňa ýar bolsun!

3

Men hem ata-babalarym ýaly Hudaýa päk wyždandan hyzmat edýärin. Doga-dileglerimde seni gije-gündiz dyngysyz ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin.

4

Men hoşlaşyk pursadyndaky gözýaşlaryňy ýatlaýaryn, şatlykdan dolmak üçin seniň bilen didarlaşmagy küýseýärin.

5

Seniň Isa Mesihe bolan hakyky imanyňy ýatlaýaryn. Ozal mamaň Loýisiň, ejeň Ewnikiniň kalbynda mesgen tutan imanyň indi seniň kalbyňda hem ýaşaýandygyna ynanýaryn.

6

Şonuň üçin, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: başyňa ellerimi goýmagym arkaly Hudaýdan alan ruhy peşgeşiňi parlat,

7

sebäbi Hudaý bizi gorkak etmeýär. Ol bizi güýç, söýgi we özerklilik bilen doldurýar.

8

Şonuň üçin-de, Rebbimiz barada şaýatlyk etmäge utanma. Onuň hatyrasyna tussag edilenligimden-de utanma. Tersine, Hudaýyň berýän güýji bilen Hoş Habaryň ugrunda görýän görgülerime şärik bol.

9

Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,

10

şindi Halasgärimiz Isa Mesihiň gelmegi bilen aýan edildi. Ol ölümi ýok edip, Hoş Habar arkaly baky ýaşaýşy we ölmezligi aýan etdi.

11

Men hem bu Hoş Habaryň jarçysy, resuly we öwredijisi edilip bellendim.

12

Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.

13

Saňa öwreden dogry taglymatymy nusga hökmünde gaýym tutup, Isa Mesihiň berýän imanyna we söýgüsine eýer.

14

Özüňe tabşyrylan oňat taglymaty bizde mesgen tutan Mukaddes Ruh arkaly gora.

15

Sen Aziýa welaýatyndakylaryň hemmesiniň, şol sanda Figeliň we Hermogeniň menden ýüz öwrendiklerini bilýänsiň.

16

Goý, Rebbimiz Onisiforyň öý-içersine rehimdarlyk etsin. Sebäbi ol ençeme gezek maňa göwünlik berip, meniň tussaglygymdan utanmady.

17

Tersine, Rime gelip, tä meni tapýança, erjellik bilen gözledi.

18

Goý, Reb kyýamat güni oňa Öz rehimdarlygyny görkezsin! Onuň Efesde maňa nähili ýardam berendigini özüň-de bilýänsiň.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.