Ýahýanyň üçünji haty
1

1

Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.

2

Mähriban dostum, ruhuňyň belent bolşy ýaly, ähli işleriň rowaçlansyn we janyň sag bolsun!

3

Doganlar gelip, seniň sadyklyk bilen hakykata eýerip ýaşaýandygyňy habar berenlerinde, meniň şatlygymyň çägi bolmady.

4

Meniň üçin perzentlerimiň hakykata eýerip ýaşaýandyklaryny eşitmekden uly şatlyk ýokdur.

5

Eziz dostum, sen doganlara, hatda özüňiň tanamaýanlaryňa-da sadyklyk bilen hyzmat edýärsiň.

6

Olar seniň mähirli söýgiň dogrusynda imanlylar ýygnagynyň öňünde şaýatlyk etdiler. Sen olary Hudaýa mynasyp usulda ýola salsaň, ýagşy iş edersiň.

7

Olar Mesihiň adynyň hatyrasyna ýola çykdylar we diňe imandaky doganlarynyň ýardamyna bil baglamagy karar etdiler.

8

Biz hakykat ugrunda bile işlär ýaly, şeýle adamlary goldamaga borçludyrys.

9

Men imanlylar ýygnagyna bir hat ýazypdym, ýöne olaryň arasynda başlyk bolmagy halaýan Diýotref bizi kabul etmeýär.

10

Şoňa görä-de, eger baraýsam, onuň etmişlerini paş ederin. Ol biz barada ýaramaz gep ýaýradyp, töhmet atýar. Munuň bilen hem çäklenmän, doganlary-da kabul etmeýär, kabul etjeklere-de päsgel berip, olary ýygnakdan kowýar.

11

Mähriban dostum, sen ýamandan däl-de, ýagşydan görelde al. Ýagşylyk edýän adam Hudaýdandyr. Ýamanlyk edýän adam bolsa Hudaýy tanaýan däldir.

12

Demetreý bolsa hemmeler tarapyndan sylanýan adamdyr, hakykatyň özi muňa şaýatdyr. Biz hem ol hakda ýagşy pikirdediris, gepimiziň hakykatdygyny özüň bilýänsiň.

13

Meniň saňa aýtmaly zatlarym köp, olaryň hemmesini ýazyp oturjak däl, baranymda hemmesini aýdaryn.

14

Seni basymrak görüp, ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar.

15

Sag-salamat bol! Dostlarymyz saňa salam ýollaýarlar. Ol ýerdäki dostlarymyzyň hemmesine atma-at salam aýt.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.