2 patyşalar

1

Ysraýyl patyşasy Ahap ölenden soň, Mowap ýurdy Ysraýylyň garşysyna gozgalaň turuzdy.

2

Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady.

3

Emma Rebbiň perişdesi tişbeli Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Git-de, Samariýanyň patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp, olara: „Siz Piliştiň Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan patyşaňyz barada soramaga gider ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme?“ diý.

4

Bu eden işiň üçin Reb şeýle diýýär: „Sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“». Şeýdip, Ylýas pygamber özüne berlen tabşyrygy berjaý etdi.

5

Çaparlar patyşanyň ýanyna dolanyp geldiler. Patyşa olardan: «Siz näme üçin yzyňyza dolanyp geldiňiz?» diýip sorady.

6

Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň».

7

Patyşa çaparlardan: «Öňüňizden çykyp, size bu sözleri diýen adamyň sypaty nähilidi?» diýip sorady.

8

Olar patyşa: «Ol düýe ýüňünden tikilen donludy we biline-de gaýyş guşak guşalandy» diýip jogap berdiler. Patyşa: «Ol tişbeli Ylýasdyr» diýdi.

9

Onsoň patyşa ellibaşyny ýanynyň elli adamy bilen Ylýasyň ýanyna ýollady. Ellibaşy bir baýryň üstünde oturan Ylýasyň ýanyna gelip, oňa: «Eý, Hudaýyň adamy, patyşa saňa aşak düşmegi buýurýar» diýdi.

10

Ylýas ellibaşa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden ot inip, ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.

11

Patyşa ýanynyň elli adamy bilen ikinji ellibaşyny Ylýasyň ýanyna ýollady. Ol hem Ylýas pygamberiň ýanyna gelip, oňa: «Eý, Hudaýyň adamy, patyşa saňa tiz aşak düşmegi buýurýar» diýdi.

12

Ylýas oňa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden Hudaýyň ody inip, ol ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.

13

Patyşa ýanynyň elli adamy bilen üçünji ellibaşyny Ylýasyň ýanyna ýollady. Şeýdip, üçünji ellibaşy Ylýasyň ýanyna gelip, öňünde dyza çöküp, ýalbaryp: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň we bu elli guluňyň janyna haýpyň gelsin.

14

Öňki iki ellibaşy elli adamy bilen gökden inen oda ýanyp kül boldy, emma indi seniň meniň janyma haýpyň gelsin» diýdi.

15

Onsoň Rebbiň perişdesi Ylýasa: «Onuň bilen aşak düş, ondan gorkma» diýdi. Şeýdip, Ylýas aşak düşüp, ellibaşy bilen patyşanyň ýanyna gitdi.

16

Ylýas patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Sen Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan gutulyşyň barada soramaga adam iberer ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“» diýdi.

17

Şeýdip, Rebbiň Ylýasyň üsti bilen aýdan sözüne görä, Ahazýa patyşa dünýäden ötdi. Ahazýa patyşa ölenden soň, ýerine dogany Ýoram patyşa boldy, sebäbi onuň ogly ýokdy. Ol Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň ogly Ýehoramyň patyşalygynyň ikinji ýylynda Ysraýyla patyşa boldy.

18

Ahazýanyň beýleki eden işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.