1

Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy.

2

Bu Ýoýakyn patyşanyň sürgün edilmeginiň bäşinji ýylydy. Dördünji aýyň bäşine

3

babyllylaryň ýurdundaky Kebar kanalynyň ýakasynda Buzynyň ogly Ezekiýel ruhana Rebbiň sözi aýan boldy. Ol ýerde Rebbiň eli onuň üstündedi.

4

Men demirgazykdan tupanly şemalyň gelýänini gördüm. Şöhleli, üznüksiz ot saçýan äpet bulut gelýärdi, oduň ortasynda ýakuda meňzeş bir zat ýalpyldaýardy.

5

Buludyň ortasynda keşpleri ynsana meňzeş dört sany jandaryň duranyny gördüm.

6

Olaryň hersiniň dört ýüzi we dört ganaty bardy.

7

Aýaklary gönüdi, dabanlary göläniň toýnagyna meňzeýärdi we ýaldyrawuk bürünç kimin şöhle saçýardy.

8

Ganatlarynyň astyndan, dört gapdalyndan ynsan elleri çykyp durdy. Dördüsiniň-de ýüzleri we ganatlary şeýledi:

9

olaryň ganatlary biri-birine degip durdy. Jandarlar ýöränlerinde hiç ýana öwrülmän, her haýsy öz tarapyna göni gidýärdi.

10

Olaryň dördüsiniň-de ýüz keşpleri şeýledi: öňde dördüsiniň-de ynsan ýüzi, sag tarapynda arslan ýüzi, çep tarapynda öküz ýüzi we yzda bürgüt ýüzi bardy.

11

Olaryň ýüzleri şeýledi. Ganatlary bolsa ýokaryk gerilgidi; her jandaryň ganatlarynyň ikisi biri-birine galtaşyp durdy, beýleki iki ganaty bolsa, olaryň bedenlerini örtýärdi.

12

Olaryň her biri gös-göni hereket edýärdi. Olar hiç ýana sowulman, Ruhuň isleýän ugruna gidýärdiler.

13

Bu jandarlaryň görnüşi ýanyp duran oduň közlerini ýa-da şamçyraglary ýada salýardy; ot jandarlaryň ortasynda dyngysyz hereket edýärdi. Ot şöhle saçýardy we ondan ýyldyrym çykýardy.

14

Jandarlar ýyldyrym çaltlygynda gelip-gidip durdular.

15

Men jandarlara seredenimde, ine, dört ýüzli jandarlaryň ýanynda olaryň hersi üçin ýerde bir tigir gördüm.

16

Tigirleriň görnüşi we gurluşy şeýledi: olar sary ýakut kimin ýalpyldaýardy we dördüsi-de biri-birine meňzeşdi; olaryň görnüşleri we gurluşlary tigir içindäki tigir ýalydy.

17

Çar tarapa ýöräp bilýärdiler; tigirler hiç ýana öwrülmeýärdiler.

18

Tigirleriň gurşawlary belent hem gorkunçdy; dördüsiniň-de gurşawlary tutuşlaýyn gözlerden doludy.

19

Jandarlar ýöränlerinde, tigirler-de olaryň ýany bilen ýöreýärdiler; jandarlar ýerden galanlarynda, tigirler-de bile ýerden galýardylar.

20

Ruh nirä gitmek islese, olar-da şol ýana gidýärdiler. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, tigirler-de olar bilen bile ýerden galýardylar.

21

Jandarlar ýöreseler, tigirler-de ýöreýärdiler; jandarlar dursalar, tigirler-de durýardylar. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, olar ýerden galanlarynda, tigirler-de bile galýardylar.

22

Gümmeze çalymdaş, buz ýaly ýaldyraýan gorkunç bir zat jandarlaryň kelleleriniň üstüne ýaýylypdy.

23

Gümmeziň aşagynda olaryň ganatlary biri-birine tarap gerilgi ýagdaýda gönelip durdy. Olaryň hersiniň bedenini örtýän başga-da iki ganaty bardy.

24

Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak goýberýärdiler.

25

Ganatlaryny aşak goýberenlerinde, kelleleriniň üstündäki gümmezden bir ses gelýärdi.

26

Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy.

27

Men keşbiň bilinden ýokardaky görnüşini gördüm, ol içi tutuşlaýyn ot görnüşli ýaldyraýan ýakut kimindi, keşbiň bilinden aşakdaky görnüşini-de gördüm, ol ot deýin parlap, töwerek-daşa şöhle saçyp durdy.

28

Daş-töwerekdäki şöhläniň görnüşi ýagyşly gün bulutda peýda bolan älemgoşar kimindi. Bu Rebbiň şöhratynyň görnüşiniň keşbidi. Men muny gören badyma ýüzin ýykyldym we kimdir biriniň gepleýän sesini eşitdim.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.