1

Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi:

2

«Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan derýasyndan geçmäge taýýarlanyň.

3

Edil Musa söz berşim ýaly, her bir aýak basjak ýeriňizi Men size berjekdirin.

4

Günortadaky çölden başlap, demirgazykdaky Liwan daglaryna çenli, hetleriň tutuş ülkesi, gündogardaky beýik Ýewfrat derýasyndan günbatardaky Ortaýer deňzine çenli ýerler siziňki bolar.

5

Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.

6

Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň.

7

Diňe dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir. Nirä gitseň-de üstünlik gazanar ýaly, olardan hiç ýana sowulma.

8

Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar.

9

Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»

10

Soňra Ýeşuwa halkyň ýolbaşçylaryna şeýle buýruk berdi:

11

«Düşelgäniň içinden geçiň we ilata: „Ýol üçin azyk harajadyňyzy taýýarlaň, sebäbi siz ýene üç günden Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýerini eýelemäge gidersiňiz“ diýip tabşyryk beriň».

12

Ýeşuwa ruben, gat tirelerine we manaşa tiresiniň ýarysyna ýüzlenip şeýle diýdi:

13

«Rebbiň guly Musanyň aýdanlaryny ýadyňyza salyň. Ol size: „Hudaýyňyz Reb siziň rahatlygyňyz üçin bu topragy size berýär“ diýipdi.

14

Siziň aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz, goý, Iordan derýasynyň gündogar tarapynda – Musanyň size beren ýerinde galsyn. Emma araňyzdaky ähli urşujylar ýaraglanyp, doganlaryňyzyň öňünden derýadan geçsinler.

15

Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz».

16

Olar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Bize buýran tabşyryklaryňyň ählisini ýerine ýetireris we nirä iberseň-de gideris.

17

Biz edil Musa boýun egşimiz ýaly, saňa hem boýun egeris. Ýöne Hudaýyň Reb elmydama Musa bilen bolşy ýaly, seniň bilen hem bile bolsun.

18

Kimde-kim seniň sözüňe garşy çykyp, seniň tabşyran her bir buýrugyňa boýun bolmasa, onuň jezasy ölümdir. Diňe dözümli hem mert bol!»

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.