1 2 3

1

Petuwalyň ogly Ýowele Rebbiň şu sözi aýan boldy:

2

Eý, ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde ýa atalar döwründe, heý-de, bolupmydy şular ýaly zat?

3

Siz muny ýetiriň çagalaryňyza, olar hem aýtsyn öz çagalaryna, olaryň çagalary-da indiki nesle.

4

Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly ganat baglamadyk çekirtge iýdi. Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi, ganat baglan çekirtgeden artan hasyly gemriji çekirtge sürüsi iýdi.

5

Eý, serhoşlar, aýňalyň-da, aglaň siz, täze şerap üçin nalaň, ony içýänler, çünki täze şerap agzyňyzdan kesildi.

6

Sebäbi meniň topragyma ummasyz, güýçli bir leşger çozdy; arslanyňky ýaly onuň dişleri, ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.

7

Ol weýran etdi üzüm şahalarymy, çapym-çapym etdi injir agaçlarymy, şahalarynyň gabygyny sypyryp, ýere taşlady; üzüm şahalary-da agaryp galdy.

8

Söýgüli adaglysyny ýitirip, jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!

9

Rebbiň öýünden kesildi indi galla hem-de içgi sadakalary. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar tutýarlar ýasy.

10

Meýdanlar boşady, toprak aglaýar, çünki weýran boldy onuň gallasy. Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.

11

Eý, daýhanlar, arpa-bugdaý üçin gamlanyň, üzüm bagbanlary, ses edip aglaň, çünki weýran boldy meýdan gallasy,

12

gurap galdy üzüm agajy, solup galdy injir agajy. Nar, alma, hurma – meýdandaky baglaryň gurady bary. Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.

13

Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň! Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler, dat-perýat ediň! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.

14

Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň.

15

Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.

16

Eýsem gözümiziň alnynda iýjegimiz, Hudaýymyzyň öýünden-de şatlykdyr bagtyýarlyk kesilmeýärmi?

17

Tohumlar çüýredi kesek astynda, ammarlar hem gugaryp galdy, galla ammarlary çagşap dagady, çünki galla ekinleri hasyl bermedi.

18

Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar! sygyr sürüleri yranyp barýar, çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar; goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.

19

Ýa Reb, Saňa dat-perýat edýän, çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy, meýdan agaçlarynyň baryny ýalyn köýdürdi.

20

Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary, çünki gurap galdy suw akarlary, ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.