Müsürden çykyş

1

Ine, Ýakubyň Müsüre öz tutuş hojalyklary bilen gelen ogullarynyň atlary:

2

Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda,

3

Ysakar, Zebulun, Benýamin,

4

Dan, Naftaly, Gat, Aşer.

5

Ýakubyň ähli nesilleriniň sany jemi ýetmişdi. Ýusup eýýäm Müsürdedi.

6

Wagtyň geçmegi bilen Ýusup we onuň ähli erkek doganlary, onuň döwürdeşleri dünýäden ötdi.

7

Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum--tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy.

8

Indi bolsa Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy.

9

Ol patyşa öz halkyna ýüzlenip: «Serediň, bize görä ysraýyllaryň sany köp we güýçli. Bu biziň üçin howply.

10

Olar mundan artyk köpelmez ýaly, geliň, mekirlik bilen olaryň soňuna çykalyň. Ýogsam, uruş turaýsa, olar duşmanymyzyň tarapyna goşulyp, bize garşy söweşmekleri we biziň ýurdumyzdan çykyp gitmekleri mümkin» diýdi.

11

Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular.

12

Emma müsürliler ysraýyllara näçe zulum etseler-de, olar öňküsinden-de has köpeldiler we olaryň sany juda artdy. Müsürlileriň ysraýyllardan susty basyldy.

13

Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler.

14

Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler.

15

Soňra biriniň adyna Şipra, beýlekisiniň adyna Puga diýilýän iki sany ýewreý göbegenelerine Müsür patyşasy şeýle diýdi:

16

«Siz ýewreý aýallaryna göbegene bolup hyzmat edýän wagtyňyz, serediň, eger ogul dogursalar, ol bäbegi öldüriň, eger gyz dogursalar, goý, onda ol ýaşabersin».

17

Emma bu göbegeneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar.

18

Şonuň üçin hem, Müsür patyşasy şol göbegeneleri ýanyna çagyryp, olardan: «Näme üçin siz beýle etdiňiz, erkek doglan çagalary hem diri galdyrdyňyz?» diýip sorady.

19

Göbegeneler faraona: «Sebäbi ýewreý aýallary Müsür aýallary ýaly däl, olar dogumly, olaryň ýanyna göbegene gelip ýetýänçä, olaryň özleri dograýýarlar» diýdiler.

20

Hudaý hem bu göbegenelere garaşyk etdi, şeýdip, ysraýyl halky has köpeldi we güýçlendi.

21

Göbegeneleriň Hudaýdan gorkýandygy sebäpli, Hudaý olara-da uly maşgala berdi.

22

Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.