Ýewreýlere hat
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13

1

Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.

2

Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.

3

Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.

4

Şeýlelikde, Oglunyň perişdelerden üstün bolşy ýaly, Oňa berlen at hem perişdeleriňkiden üstün boldy.

5

Eýsem Hudaý perişdeleriň haýsy birine: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» ýa-da «Men Oňa Ata, Ol bolsa Maňa Ogul bolar» diýipdir?

6

Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi.

7

Hudaý perişdeler hakda: «Men perişdelerimi ýel edýärin, hyzmatkärlerimi ot-alaw edýärin» diýýär.

8

Emma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.

9

Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi. Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň, Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym, başyňa şatlyk ýagyny guýdum».

10

Ogla ýene-de şeýle diýýär: «Ýa Reb, Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň, gökler hem Seniň elleriňiň işidir.

11

Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň, olar köne eginbaş kimin dargap giderler.

12

Sen olary köýnek kimin düýrlärsiň; olar tozup gidýän eginbaş kimin çalşyrylar. Emma Sen hiç haçan üýtgemersiň, soňy ýokdur Seniň ýyllaryň».

13

Hudaý haýsy perişdä: «Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur» diýipdir?

14

Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.