1 2 3 4 5 6 7

1

Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygambere Samariýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi aýan boldy.

2

Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden size garşy güwälik eder.

3

Ine, Reb Öz mekanyndan çykyp, ýer ýüzüne inip, baýyrlarda ýörär.

4

Daglar Onuň aýak astynda erär, dereler böwsülip, otda ereýän mum ýaly, kertden inýän suw deýin bolar.

5

Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy, Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir. Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär? Samariýa dälmi? Ýahudanyň butlara seždegähi nirede? Iýerusalimde dälmi?

6

«Şonuň üçin Men Samariýany harabaçylyga, üzümçilik ýerine öwrerin. Daşlaryny derä döküp, düýplerini açyk goýaryn» diýýär Reb.

7

«Ähli butlary bölek-bölek ediler, haram gazançlarynyň bary oda ýakylar, butlarynyň baryny ýok ederin, çünki bulary loly gazanjy bilen toplady. Olar ýene-de loly gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.

8

Munuň üçin men aglap, dady-‑perýat ederin. Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin. Şagallar kimin uwlaryn. Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.

9

Samariýanyň ýarasyna em ýok. Ol Ýahuda gelip ýetdi. Halkymyň derwezesine, Iýerusalime baryp ýetdi.

10

Muny Gatda aýtmaň, ahy-nalaňyzy bes ediň; Beýtlegaparda gamgynlykdan guma togalanyň.

11

Eý, Şapyr halky! Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň. Sawanan halky çadyryndan çykmasyn. Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar, ondan size ýardam bolmaz.

12

Marotyň halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar, emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.

13

Eý, Lakyş halky, ýüwrük aty araba goş. Sen Sion gyzynyň günäsiniň gözbaşysyň, çünki Ysraýylyň ýazygy senden çykdy.

14

Indi Moreşetgata hoşlaşyk sowgadyny berersiň. Akzyp obasy Ysraýyl patyşalaryna duzak bolar.

15

Eý, Mareşa ilaty, Reb galaňyza basybalyjy gönderer. Ysraýylyň beýik ýolbaşçylary Adullam galasynda gizlener.

16

Söýgüli ogullaryňyza ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň. Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun, çünki çagalaryňyz sürgün ediler.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.