Nagmalar nagmasy
1 2 3 4 5 6 7 8

1

Dodaklary bilen, goý, meni öpsün! Çünki şerapdan datlydyr söýgiň!

2

Müşki-anbarlaryň neneňsi hoşboý, adyň-da dökülen atyr deý, şonuň üçin gyzlar söýýärler seni.

3

Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Seniň üçin şatlanaly we guwanaly; şerapdanam zyýada taryplaly seniň yşkyňy. Sen olaryň söýgüsine mynasyp!

4

Eý, Iýerusalim gyzlary, garaýagyz-da bolsam, görmegeýdirin, gara men Kedaryň çadyrlary deý, owadan men Süleýmanyň perdeleri deý.

5

Garaýagyzlygyma bakmaň, Gün garaltdy meni. Enemiň ogullary maňa gaharlandylar; üzüm bagyna meni sakçy goýdular, ýöne öz üzüm bagyma bakyp bilmedim.

6

Eý, köňlümiň aşygy, aýtsana maňa, nirede bakýaň süriňi? Günorta çagy olara nirede dynç berýäň? Ýoldaşlaryňyň sürüleriniň ýanynda näme üçin sergezdan zenan dek bolaýyn?

7

Eý, gözelleriň soltany! Eger bilmeseň, süriniň yzy bilen git, çopanlaryň çadyrynyň ýanynda owlaklaryňy bak.

8

Faraonyň söweş arabasyna goşulan baýtala meňzedýän seni, eý, meniň magşugym!

9

Şelpeli ýaňaklaryň, hünjüli boýnuň ne gözel!

10

Kümüş düwmeli tylla şelpeler ýasarys saňa.

11

Şazadam suprasynda otyrka, nard atyrym hoşboý ysyny saçdy.

12

Aşygym meniň üçin göwüslerimiň arasynda ýatýan mür bogdajygydyr.

13

Aşygym meniň üçin Eýngedi üzüm baglaryndaky hyna gülleriniň çogdamydyr.

14

Sen neneňsi gözel, Söýgüli dildarym, meniň! Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim!

15

Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.

16

Kedrdendir diregleri öýmüziň, arçadandyr üçegi.

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.