Süleýmanyň pähimleri

1

Ysraýyl patyşasy, Dawut ogly Süleýmanyň pähimleri.

2

Bu pähimler danalygy we öwüt- -nesihaty bilmek, paýhasly sözleriň manysyna düşünmek üçindir.

3

Parasatly hem-de dogruçyl bolmak, adyllyk we deňlik, öwüt-‑nesihaty özleşdirmek,

4

sadalara paýhas, ýaşlara bilim we akyl bermek üçindir.

5

Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmek üçindir. Akyldarlar bulary eşidip, bilimini artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.

6

Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmek üçindir. Akyldarlar bulary eşidip, bilimini artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.

7

Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.

8

Diňle, oglum, ataňyň nesihatlaryny, eneňiň öwütlerinden ýüz öwürme.

9

Ol seniň başyňa ajaýyp täç, boýnuňa monjuk bolar.

10

Eý, oglum, seni günäkärler azdyrjak bolsa ylalaşma.

11

Eger olar: «Biziň bilen ýör. Gan dökmek üçin bukuda garaşaly, sebäpsiz ýere bigünäni öldüreli.

12

Olary ölüler dünýäsi ýaly diriligine, gabra inenler deý tutuşlaýyn ýuwudalyň.

13

Her hili baýlyk taparys, öýümizi oljadan doldurarys.

14

Ählimiz üçin horjun bir bolsun, aramyzda şärikligimiz deň bolsun» diýseler,

15

eý, oglum, olar bilen bir ýoldan ýöreme, olaryň ýol-ýodasyna gadam urma.

16

Çünki olar şere kowalaşýarlar, gan dökmäge howlugýarlar.

17

Guşuň gözüniň öňünde oňa tor gurmak puçdur. Ýöne bukuda garaşýanlaryň öz gany döküler, bukuda otyrkalar, olaryň aljak jany öz jany bolar.

18

Guşuň gözüniň öňünde oňa tor gurmak puçdur. Ýöne bukuda garaşýanlaryň öz gany döküler, bukuda otyrkalar, olaryň aljak jany öz jany bolar.

19

Olaryň takdyry şeýle bolar, zuluma gyzygyp toplan baýlygy öz janyny alar.

20

Danalyk köçede gaty seslenýär, bazar ýerlerinde jar çekýär.

21

Jemendeli ýerlerde gygyrýar, şäher derwezesiniň agzynda sözleýär:

22

«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?

23

Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.

24

Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz; elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi.

25

Gaýtam ähli maslahatymy ret etdiňiz, meniň käýinjimi duýmak islemediňiz.

26

Men-parasat betbagtlygyňyza gülýändirin; sizi gorky basanda ýaňsylaryn.

27

Sizi gorky gaý kimin basanda, betbagtlyk harasat bolup inende, muşakgat hem gaýgy başyňyza düşende,

28

meni çagyrarsyňyz, ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.

29

Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagy makul bilmediler.

30

Meniň maslahatymy kabul etmediler, ähli käýinjimi ýigrendiler.

31

Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler, öz pällerinden taparlar.

32

Çünki nadanlar ýoldan çykyp ölerler, akmaklary geleňsizlik heläk eder.

33

Meni diňlänler parahat mekan tutarlar, ýamanlykdan gorkman aman bolarlar».

© 2018 Дом Молитвы. Христианская Интернет Миссия.